Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow 35 ýaşady

10:3622.05.2024
1
13208

22-nji maýda garyşyk söweş boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow 35 ýaşady. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda önüp-ösen Döwletjan ilkinji üstünligini heniz 11 ýaşyndaka karate boýunça Türkmenistanyň çempionatynda gazanypdy.

Ol professional ringe ilkinji gezek 2021-nji ýylda çykdy. Höwesjeňler ligasyndan dünýäniň iň meşhur promouşenlerine çenli kämilleşen Döwletjanyň MMA-däki tutluşyklarynda 22 ýeňiş, 7 utulyş we bir sany deňlik bar.

Döwletjanyň özi häzirki wagtda 22-nji iýun güni PFL ― 5-iň çäginde kamerunly pälwan Simon Biýong bilen geçirjek tutluşygyna taýýarlanýar.

Döwletjan ahyrky tutluşygyny 13-nji aprelde PFL ― 2 agşamynda sloweniýaly Ýakob Nedo bilen geçirip, tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazanypdy.

Şu salgyda ýerleşdirilen uly göwrümli söhbetdeşlik arkaly meşhur pälwanyň maksatlary bilen tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň