Top.Mail.Ru

Arhiw

21-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary

11:3621.05.2024
0
13662

Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, Türkmenistanyň Eýrandaky diplomatik wekilhanalarynda Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli halkara forum geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanda


1. Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý meýdanlarynda degişli ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Şeýle hem bugdaý hasylyny ýygnap almak, daşamak, bellenen tertipde kabul etmek hem-de galla kabul ediş nokatlarynda talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär.

2. Eýran halky bilen raýdaşlygyň alamaty hökmünde we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy sebäpli, Türkmenistanyň Tähran şäherindäki ilçihanasynyň we Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň binalarynda Döwlet baýdaklary aşak düşürildi.

3. Aşgabatda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçiriler. Forum maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurtda bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriler. Foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan belli halyşynaslaryň, türkmen halysynyň muşdaklarynyň, alymlaryň hem-de ussat hünärmenleriň, halyçylyk bilen meşgullanýan kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

4. Aşgabatda Türkmenistanyň we Ermenistanyň medeniýet ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary geçirildi. Gepleşiklerde taraplar oktýabr aýynda Aşgabatda Ermenistanyň Türkmenistandaky medeniýet günlerini we görnükli ermeni kompozitory Arno Babajanýana bagyşlanan konserti geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Konsert Ermenistanyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde geçiriler.

5. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler iki ýurduň halklarynyň asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň, diliniň, dininiň umumylygyna, birek-birege hormat goýmaga hem-de deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini nygtadylar.

6. Aşgabatda «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýygyndy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanyldy. Golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilen bu goşgular ýygyndysy türkmen halkyna mynasyp sowgat bolar. Bu kitabyň ilkinji sany türkmen halkynyň Milli Liderine iberildi.

Dünýäde

7. Ýaponiýanyň azyk ägirdi «Kirin Holdings» naharlara duz goşmazdan, duzuň tagamyny ýokarlandyryp biljek elektrikli çemçe öndürdi. «Kirin» şu aýda onlaýn dükanynyň üsti bilen ABŞ-nyň 127 dollaryna 200 sany çemçesini, indiki aýda bolsa Ýaponiýanyň bölek satuw dükanlarynda çäkli sandaky çemçelerini satmagy meýilleşdirýär.

8. Amerikaly alymlar adamlara smartfonlara aşa garaşlylykdan dynmaga kömek etmek üçin niýetlenen ykjam programmany işläp düzdüler. Ol ýönekeý, ýöne täsirli usul esasynda işleýär: ulanyjy telefonda näçe uzak «otursa», onuň öndürijiligi şonça-da peselýär. Ykjam programma enjamyň ulanylyşyny has amatsyz edip, onuň işini bilkastlaýyn haýalladýar. Döredijileriň pikiriçe, bu ulanyjyny gaharlandyrmaly we ony smartfony goýmaga itermeli.

Sport habarlary


9. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Dünýä çempionatynyň ikinji saýlama tapgyrynyň iýun aýynda geçiriljek oýunlaryna taýýarlyk görüp başlarlar. Topar 26-njy maýda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin Türkiýäniň Antalýa şäherine barar we 4-nji iýuna çenli şol ýerde bolar. Mergen Orazowyň şägirtleri 6-njy iýunda Daşkende Özbegistanyň topary bilen duşuşarlar. Şondan soň Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aşgabat şäherine gaýdyp geler we 11-nji iýunda Gonkongy kabul eder.

10. Mahaçkalanyň «Dinamo» toparynyň öňki baş tälimçisi Gurban Berdiýew toparyň ýeňişli hereketiniň düýbüni tutdy we bu oňa Russiýanyň Premýer-ligasyna çykmaga mümkinçilik berdi diýip, klubyň baş direktory Şamil Gazizow aýtdy. Futbol boýunça Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň ýaryşynyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda «Dinamo» 61 utuk toplap, ýaryşyň sanawynda ikinji orny eýeleýär. Öňdäki orunlary eýeleýän «Himki» we mahaçkalalylar möhletinden öň 2024/25-nji möwsümde Russiýanyň Premýer-ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň