Tomusky dynç alşyňyzy «Turkish Airlines» bilen meýilleşdiriň

11:4720.05.2024
0
16429

Dünýäniň öňdebaryjy howa gatnaw kompaniýalarynyň biri bolan Türkiýäniň «Turkish Airlines» awiakompaniýasy tomusky dynç alşy ýatdan çykmajak görnüşde meýilleşdirmegi teklip edýär.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň giň gatnaw ugurlar ulgamy 124 ýurt boýunça 300-den gowrak ugry öz içine alýar. Bu awiakompaniýanyň müşderilerine iň gowy dynç alyş ýerlerini saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Ortaýer deňziniň ajaýyp kenarlary, Ýewropanyň taryhy şäherleri, ekzotik adalar ýa-da joşgunly megapolisler... islendik ýer bolsun, «Turkish Airlines» sizi ol ýere tiz wagtda hem rahat ýetirer.

Awiakompaniýa Stambul şäherinde amatly birikmeleri goşmak bilen, bu täsin ýeriň baý taryhyny we medeniýetini synlamaga mümkinçilik almak bilen birlikde köp sanly gatnaw ugurlaryndan peýdalanmagy hödürleýär.

Mundan başga-da, «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň ýetirýän «Miles & Smiles» loýallyk maksatnamasy ýolagçylara birnäçe mili gazanyp, olary sowgatlyk uçuşlarda peýdalanmaga, hyzmatlaryň hilini has-da gowulandyrmaga hem-de beýleki ýeňillikleri almaga mümkinçilik berýär.

«Turkish Airlines-yň» tomusky uçuşlaryndan eýýäm şu günden ýer sargyt edip goýmak mümkinçiligiňizi elden gidirmäň!

Awiakompaniýanyň mobil goşundysyny Google Play ýa-da AppStore internet dükanlaryndan ýükläp alyp, günüň islendik wagtynda awiapetekleri sargyt edip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • elektron poçta salgysy: askabatbıletsatıs@thy.com;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • web saýty: turkishairlines.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň