Nýu-Delide «Zibil Eweresti» ýandy

11:3923.04.2024
0
6687
Nýu-Delide «Zibil Eweresti» ýandy
Surat: mir24.tv

Hindistanyň paýtagtynyň gündogaryndaky Gazipur zibilhanasynda ýangyn döredi. Ýangyna garşy göreşe köp sanly ýangyn söndüriş toparlary çekildi diýip, «MIR 24» habar berýär.

Ody öçürmek üçin buldozerler we ekskowatorlar peýdalanylýar. Öň paýtagtyň häkimligi «Zibil Ewerestini» ýapmagy söz berdiler, emma ol henizem işleýär. Zibilhananyň beýikligi 65 metre ýetýär. 2022-nji ýylda onda üç gezek ýangyn boldy, olaryň birini 50 sagatdan soňra öçürmek başartdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň