Turkmenportal logo
22.04.24
75737573
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranyň Prezidenti 22-24-nji aprelde Pakistana barar
Surat: report.az

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi 22-24-nji aprelde resmi sapar bilen Pakistana barar. Bu barada Pakistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi diýip, «Report.az» ýazýar.


Raisiniň ýanynda sapar wagty aýaly hem-de ýurduň ýokar wezipeli ýolbaşçylaryndan ybarat bolan wekilçilikli topar bolar. Toparyň düzüminde EYR-niň DIM-niň başlygy Hoseýn Amir Abdollahiýan we hökümetiň beýleki agzalary, şeýle-de işewürler bar.


Saparyň dowamynda Eýranyň döwlet Baştutany Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari we Premýer-ministr Şahbaz Şarif bilen duşuşar. Raisi şeýle-de Lahora we Karaçä barar.


Sapar wagtynda eýran-pakistan gatnaşyklaryny ösdürmek, söwda, aragatnaşyk, energetika, oba hojalyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy berkitmek barada pikir alşylar.