Soňky habarlar

Arhiw

"Galkan" hokkeý toparyny sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler

23:5721.04.2024
0
7485

15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda birinji orna mynasyp bolan “Galkan” hokkeý toparyny sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen Ýüzlenmede şeýle diýilýär:


"Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda birinji orna mynasyp bolan Türkmenistanyň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň üstünlikli çykyş etmekleri mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy ugrunda öňe sürýän başlangyçlaryňyzyň, ýurdumyzda sport ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen tutumly işleriňiziň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy alyp barýan Türkmenistan sport arkaly halklary parahatçylyga, agzybirlige, ösüşe çagyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri uly üstünliklere eýe bolup, sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar. Siziň: «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr» diýen sözleriňiz türgenlerimizi täze sport ýeňişlerine ruhlandyrýar. Diýarymyzda sportuň gyşky görnüşlerini, hususan-da, hokkeýi ösdürmäge uly üns berlip, bu ugurda amatly şertler we mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport desgalarynyň döwrebap ulgamy hereket edýär, hokkeý boýunça milli çempionatymyz yzygiderli geçirilýär, hokkeý toparlarymyz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Paýtagtymyzda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi türgenlerimiziň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Size bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.

Siziň Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlaryňyz dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Halkara sport federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelmekleri sport hyzmatdaşlygynda täze sahypalary açýar. Siziň dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan ajaýyp syýasatyňyzyň netijesinde Türkmenistan iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzda ýokary derejeli sport hünärmenlerini taýýarlamaga, olaryň bilim derejelerini yzygiderli artdyrmaga, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Siziň 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak hakynda kabul eden Kararyňyz türgenlerimizi Olimpiýa oýunlaryna we beýleki iri halkara ýaryşlara taýýarlamakda giň mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Ýurdumyzda geçirilen iri halkara ýaryşlarda ýokary üstünlikleri gazanan türgenleriň we tälimçileriň döwlet derejesinde sylaglanylyp, olara hormatly atlaryň dakylmagy, Siziň türkmen ýaşlarynyň durmuşyna, ykbalyna, ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine bagyşlap döreden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzda türkmen sportunyň ösüşlerine aýratyn orun bermegiňiz, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar döwri üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy, ýurdumyzda sportuň innowasion görnüşlerini ösdürmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylmagy türkmen sportunyň beýik ösüşlerini dünýä äşgär edýär. Siziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy, 2025-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada kabul eden çözgütleriňiz, şeýle hem geçen ýylyň noýabrynda Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda guralan Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň üstünliklere beslenmegi iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply ýurt hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da belende göterýär.

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Sizi ýurdumyzyň sport ulgamynyň ähli işgärleriniň, hünärmenleriniň, tälimçileriniň hem-de türgenleriniň adyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň ynamly çykyş edip, baýrakly birinji orna mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz hemişe rowaçlyklara beslensin, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!".

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň