Soňky habarlar

Arhiw

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy saglyk we gözellik harytlarynyň köp görnüşlerini hödürleýär

16:1919.04.2024
0
11438

Aşgabatda ýerleşýän «Dostlukly Zähmet» dermanhanasy müşderilerine tutuş maşgalanyň saglygy we gözelligi üçin peýdaly bolan köpdürli görnüşli harytlary hödürleýär.

«Dostlukly Zähmetden» derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, ortopediki önümleri, reabilitasiýa üçin niýetlenen harytlary, ýüze we bedene ideg etmek üçin kosmetika serişdeleri, şeýle hem eneler we bäbekler üçin zerur bolan önümleri tapmak bolýar.

Dermanhananyň assortimenti hemişe Germaniýadan, Awstriýadan, Latwiýadan, Şweýsariýadan, Hindistandan we beýleki ýurtlardan bolan dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary hilli dermanlary we lukmançylyk önümleri bilen yzygiderli üpjün edilýär.

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasynyň başarnykly hünärmenleri müşderilere gerekli bolan önümleri saýlap almaga hem-de gyzyklandyrýan islendik sowallaryna jogap bermäge hemişe taýýardyr.

«Biziň assortimentimizden «OlainFarm» (Latwiýa), «Abbot» (ABŞ), «Sopharma» (Bolgariýa), «KRKA Berlin-CHEMIE» (Sloweniýa), «BiONORICA» (Germaniýa), «Grindeks» (Latwiýa), «EVER PHARM» (Awstriýa), «Eladiet» (Ispaniýa), «Ajanta» (Hindistan) we beýlekiler ýaly meşhur farmasewtika kompaniýalarynyň dürli hili keselleri bejermek üçin niýetlenen dermanlarynyň giň haryt görnüşlerini lomaý bahalardan taparsyňyz» diýip, dermanhananyň hünärmeni belleýär.

Dermanhana şeýle hem Aşgabadyň islendik ýerine amatly eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. Aşgabadyň 15-nji tapgyr ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjylary üçin bu hyzmat tölegsiz amala aşyrylýar. Sargydyň tölegi nagt ýa-da nagt däl görnüşde bank karty arkaly kabul edilýär.

«Dostlukly Zähmet» bilen özüňiziň hem-de ýakynlaryňyzyň aladasyny ediň!

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: S.Seýdi köçesi, «Rysgally» binasy, 1-nji gat;
  • telefon belgileri: (+993 12) 41 55 01, 19 03 05, 19 03 09;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Iş wagty: sagat 8:00-dan — 23:00-a çenli (dynç günsüz).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň