Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara ýaryşyň finalyna çykmagy başaran ilkinji topar boldy. «Galkan» bu hukugy şu gün 4-nji tapgyrda Özbegistanyň «Feniks» toparyny uly hasap bilen ýeňenden soň gazandy.
Günüň birinji ýarymynda Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly zalynda «Feniks» bilen duşuşan «Galkan» «A» toparçadaky esasy bäsdeşini 9:1 hasabynda ýeňip, toparçalaýyn tapgyrdaky duşuşyklarynyň ählisini hem ýeňiş bilen tamamlady. Bu ýeňişler «Galkanyň» utugyny 12-ä çykardy. Şu gün «Galkandan» asgyn gelen «Feniks» bolsa ertir ýeňiş gazanaýan-da hem 9 utuk bilen ikinji orny eýeläp, umumy ýaryşyň üçünji orny ugrundaky göreşe goşular.
Günüň beýleki duşuşyklarynda «Adihis-Kazan» «Wolaty» 5:3, «Ice Box» «Oman Nationals»-y 6:0, «Dordoý» bolsa «Team Turkiye» toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi.
4-nji tapgyrdan soň «A» toparçada «Galkanyň» 12, «Feniks» bilen «Ice Box»-yň 6 utugy bar. Dört tapgyrda üç duuşykda geçiren «Bahreýn» we «Oman nationals» toparlary bolsa heniz utuk gazanyp bilmedi.
Bassyr üçünji duşuşygynda üç ýeňiş gazanan «Adihis-Kazan» «B» toparçada 9 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. Kazandan gelen hokkeýçileriň finalda «Galkanyň» garşydaşy bolmak mümkinçiligi has ýokary.
6 utukly toparlardan «Wolat» ikinji, «Akmola» üçünji orny eýeleýär. Toparçada «Dordoýyň» 3 utugy bar. Halkara ýaryşdaky çykyşlaryny tamamlan «Team Turkiye» bolsa bir utuk hem gazanyp bilmedi.
Halkara ýaryşda toparçalaýyn tapgyryň jemleýji duşuşyklary ertir ― 19-njy aprelde geçiriler. 20-nji aprelde bolsa birinji, ikinji we üçünji orunlaryň eýelerini kesgitlejek duşuşyklar bolar. Bassyr dört duşuşyk geçiren «Galkan» ertir finalyň öňüsyrasynda dynç alar.
«Galkan» (Türkmenistan) ― «Feniks» (Özbegistan) ― 9:1.
Tapawutlananlar: Perhat Atekäýew (5 şaýba), Erkin Kakabaýew (2 şaýba), Baýmyrat Baýmyradow, Muhammetýar Nuryýew ― Daniel Kogan.
«Wolat» (Belarus) ― «Adihis-Kazan» (Tatarystan) ― 3:6.
Tapawutlananlar: Eduard Grinn (2 şaýba), Nikita Trubisin ― Adel Awzalow (3 şaýba), Aidar Miftahow, Nasser Subhi, Artur Zaripow.
«Oman Nationals» (Oman) ― «Ice Box» (Eýran) ― 0:6.
Tapawutlananlar: Arşiýa Gafuri, Matin Gaharzade (3 şaýba), Abdolfazi Eslami (2 şaýba).
«Team Turkiye» (Türkiýe) ― «Dordoý» (Gyrgyzystan) ― 2:4.
Tapawutlananlar: Ömer Güngör, Burhanettin Bakanogly ― Adil Bekmuratow, Žanbolot Tagaýew, Mamed Seýfulow (2 şaýba).
Ýaryş tertibi
“A” toparça
| № | Toparlar | Oýunlaryň sany | Ýeňiş | Utulyş | Geçiren goly | Goýberen goly | Utuk sany |
| 1 | “Galkan” (Türkmenistan) | 4 | 4 | 0 | 45 | 4 | 12 |
| 2 | “Feniks” (Özbegistan Respublikasy) | 3 | 2 | 1 | 25 | 15 | 6 |
| 3 | “Ice Box” (Eýran Yslam Respublikasy) | 3 | 2 | 1 | 15 | 14 | 6 |
| 4 | “Bahreýn” (Bahreýn patyşalygy) | 3 | 0 | 3 | 5 | 29 | 0 |
| 5 | “Oman Nationals” (Oman Soltanlygy) | 3 | 0 | 3 | 4 | 32 | 0 |
“B” toparça
| № | Toparlar | Oýunlaryň Sany | Ýeňiş | Ýeňiliş | Geçiren goly | Goýberen goly | Utuk sany |
| 1 | “Adihic -Kazan” (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy ) | 3 | 3 | 0 | 19 | 7 | 9 |
| 2 | “Wolat” (Belarus Respublikasy) | 3 | 2 | 1 | 12 | 10 | 6 |
| 3 | “Akmola” (Gazagystan Respublikasy) | 3 | 2 | 1 | 14 | 12 | 6 |
| 4 | “Dordoý” (Gyrgyzystan Respublikasy) | 3 | 1 | 2 | 10 | 15 | 3 |
| 5 | “Team Türkiye” (Türkiýe Respublikasy) | 4 | 0 | 4 | 6 | 17 | 0 |
