Soňky habarlar

Arhiw

«Soltan Loftda» çagalaryň dabaralary üçin ajaýyp şertler döredilen

10:1718.04.2024
0
11889

«Soltan Loft» restorany çagalaryň baýramçylyklaryny gyzgalaňly bellemek üçin ajaýyp mümkinçilikleriň bardygyny ýatladýar.

Körpeje myhmanlar «Soltan Loftda» oýun awtomatlary, konstruktorlary, hiňňillikleri, karuselleri, dyrmaşmak üçin jaýjagazlary hem-de beýleki güýmenjeleri bolan attraksion meýdançasynda lezzet alyp bilerler.

Baýramçylygyň has-da gyzykly, täsirli bolmagy üçinem «Soltan Loftda» uly bolmadyk oýnawaç dükany hem-de ýörite çagalar üçin niýetlenip döredilen oňaýly kafeteriýa bar.

«Soltan Loftda» çagalaryňyz öz dostlary bilen heziller edip oýnap, ýakymly tagamlardan lezzet alyp bilerler, uzak wagtlap täsirinden çykmaz ýaly derejede täsin duýgulary başdan geçirerler» diýip, restoranyň wekili belleýär.

«Soltan Loft» restorany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), 72-nji jaý, «Soltan» binasy.

Gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüz tutmak ýa-da stol belledip goýmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň