Arhiw

Dosent Berdiniýaz Rejepmedowyň doglan güni mynasybetli duşuşyk geçirildi

17:0517.04.2024
0
17440

Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň guramagynda Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, döwlet sylaglarynyň eýesi, dosent Berdiniýaz Rejepmedowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Konsert-dialog» atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda dürli çykyşlara orun berildi. Şeýle hem Berdiniýaz Rejepmedowyň «Bahar geldi ülkämize» kompozisiýasy ýerine ýetirildi. W.Muhadowyň eserleri, Meret Annamyradowyň «Keremli söz», türkmen halk aýdymy «Baga seýle» ýaly eserler ýygnanlarda uly täsir galdyrdy.

Duşuşykda J.Werdiniň, Iogan Bramsyň, Winsenzo Di Çiaranyň, Aleksandr Warlamowyň, Feliks Mendelsonyň, Andreý Petrowyň, Luidji Densanyň, Eduardo di Kapuanyň, Teodoro Kottraunyň, K.Sen-Sansyň, Jorj Bizeniň, Iogan Ştrausyň eserleri ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň