Soňky habarlar

Arhiw

17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary

10:5417.04.2024
0
9052

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisini we BMG-Habitat maksatnamasynyň başlygyny kabul etdi, Türkmenistan we Türkiýe paýtagtlarynyň arasynda howa gatnawyny gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýärler, Türkmenistanyň daşary işler ministri Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

2. Türkmenistanyň Prezidenti BMG-Habitat maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ýurtda milli ösüşi ilerletmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça amala aşyrylan çäreler hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Şeýle hem 2020-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň, şol bir wagtda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň hemişelik wekiliniň bellenilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolandygy nygtaldy.

3. Ilçi Ahmet Demirok Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatda geçirilýän Syýahatçylyk hepdeliginiň tanyşdyrylyş dabarasynda Ankara bilen Aşgabadyň arasynda göni uçuşlary ýola goýmak üçin ýakyn wagtda degişli işleriň geçiriljekdigini aýtdy. Diplomat munuň ulag gatnaşyklaryny we iki ýurduň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi.

4. «Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki strategik dialogyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürmegiň, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

5. 24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy we Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleriň birnäçesini gurar. 24-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti bolar. Mundan başga-da, 22 – 26-njy aprel aralygynda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyrylar. Çäreler ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçiriler.

6. Türkmenistanyň Astrahandaky täze konsuly Gadam Ilamanow bu sebitiň gubernatory Igor Babuşkin bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda konsul Babuşkine konsullyk resminamasynyň nusgasyny gowşurdy. Astrahan sebitiniň gubernatory Ilamanowy konsul wezipesine bellenmegi bilen gutlady we türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dünýäde

7. Birleşen Arap Emirliklerinde meýletinçilik işi dünýäniň dürli künjeklerinden gelen adamlaryň arasynda barha meşhurlyk gazanýar. Bu diňe bir asylly iş etmek mümkinçiligi bolmak bilen çäklenmän,, eýsem, «Altyn wiza» – ýurtda 10 ýyla çenli ýaşamak üçin rugsatnama almak üçin hem mümkinçilikdir.

8. Kopengagen şäherindäki iň gadymy biržalaryň biri bolan Kopengagen gazna biržasynyň binasynda bolup geçen ýangynda daniýaly halas edijilere Peder Sewerin Kroýeriň çeken «Kopengagen gazna biržasyndan» atly suratynyň oda ýanmagynyň öňüni almak başartdy. 2,5 metre 4 metr ölçegli ýadygärlik suraty çykarmak üçin bäş adamyň utgaşdyrylan hereketleri gerek boldy. 1895-nji ýylda çekilen bu surat birža işgärleriniň toparlaýyn portretidir.

Sport habarlary

9. Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli zenanlar ýygyndysy 19 – 28-nji aprel aralygynda Duşanbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň futzal boýunça CAFA-2024 çempionatynda çykyş eder. Aýlaw görnüşinde geçiriljek ýaryşa Türkmenistanyň toparyndan başga-da, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň milli ýygyndylary gatnaşarlar. Ýeňiji toplanan utuklara görä kesgitlener.

10. Fransiýanyň «PSŽ» toparynyň futbolçylary Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýnunda Ispaniýanyň «Barselona» toparyny uly hasap bilen ýeňdiler. Oýun Barselona şäherindäki «Olimpiýa» stadionynda geçdi we 4:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Usman Dembele, Witinýa we iki gezek Kilian Mbappe tapawutlandy. Duşuşygyň 59-njy minutynda gök-gyrmyzylar azlykda oýnamaly boldular. Merkezi goragçy Ronald Arauho howply düzgün bozma üçin göni gyzyl duýduryş aldy. Bu ýeňiş netijesinde «PSŽ» Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy.
Günüň ikinji oýnunda Dortmundyň «Borussiýasy» Ispaniýanyň «Atletiko» toparyny 4:2 hasabynda utup, ýaryşyň ýarym finalyna çykmaga hukuk gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň