«Forbes» dünýäniň iň baý mirasdüşerlerini yglan etdi

10:2717.04.2024
0
7923
«Forbes» dünýäniň iň baý mirasdüşerlerini yglan etdi
Surat: gazeta.ru

Hindistanly 66 ýaşly telekeçi Mukeş Ambani «Forbes» žurnaly tarapyndan dünýäde iň baý mirasdüşer diýlip yglan edildi. Onuň işewürligi nebithimiýa, nebitgaz, aragatnaşyk we söwda pudaklaryny öz içine alýar. Ambaniniň emlägi 116 milliard dollar bahalanýar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Mukeş we onuň dogany Anil mirasy 2002-nji ýylda öz kakalary Dhirubhaý Ambaniden aldylar. Soňra Anil öz kompaniýalarynyň batmagy bilen baglylykda, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyndan çykdy.

Sanawda ikinji orunda 70 ýaşly fransuz zenany Fransuaza Betankur-Maýers 99,5 mlrd dollar bilen ýerleşdi, oňa «L'Oréal» kompaniýasynyň paýnamalarynyň 33 göterimi degişlidir.

Sanawyň ilkinji üçlügini Jim Uolton jemledi, 75 ýaşly amerikaly «Walmart» kompaniýasynyň 12 göterim paýnamalaryna eýelik edýär we «Arvest» maşgala bankyny dolandyrýar. Onuň emlägi 78,4 mlrd dollar bahalanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň