Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri

02:0317.04.2024
0
17830

Şu gün Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ikinji gününiň duşuşyklary geçirildi. Olarda Türkmenistanyň «Galkan», Belarusyň «Wolat», Gazagystanyň «Akmola» we Eýranyň «Ice Box» toparlary garşydaşlaryndan üstün çykdylar.

Has takygy, günüň birinji ýarymynda «Galkan» Omanyň «Oman Nationals» toparyny 15:1 hasabynda ýeňip, şu ýaryşyň iň uly hasaply ýeňşini gazandy. Şeýle hem günüň birinji ýarymynda «Wolat» Türkiýäniň «Team Turkiye» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy.

Günüň ikinji ýarymyndaky duşuşyklarda «Ice Box» «Bahreýni» 8:1, «Akmola» bolsa «Dordoýy» 5:3 hasabynda utdy.

Halkara ýaryşyň «A» we «B» toparçalarda geçirilýändigini ýatladýarys. Ýaryş 20-nji aprelde tamamlanar.

Hokeý boýunça halkara ýaryş, 2-nji günüň netijeleri:

«Galkan» (Türkmenistan) ― «Oman Nationals» (Oman) ― 15:1.

Tapawutlananlar: Döwlet Hydyrow, Gurbanmyrat Taňňyýew, Arslan Geldimyradow, Baýmyrat Baýmyradow, Begenç Döwletmyradow, Perhat Atekäýew, Erkin Kakabaýew (2 şaýba), Pawel Barkowskiý (2 şaýba), Döwrangeldi Baýjaýew, Muhammetýar Nuryýew, Öwezguly Esenow, Nowruz Baýhanow (2 ) ― Ibrahim Al-Gabsi.

«Wolat» (Belarus) ― «Team Turkiye» (Türkiýe) ― 3:0.

Tapawutlananlar: Swýatoslaw Zasadkiý, Eduard Grinn, Arseniý Ýankowskiý.

«Ice Box» (Eýran) ― «Bahreýn» (Bahreýn) ― 8:1.

Tapawutlananlar: Gafuri Arşiýa (2 şaýba), Heidari Amir (2 şaýba), Keýhanfar Jalal, Taiik Hossein, Gaharzade Matin, Abdollahi Mahbod ― Abdulla Mohamed Hulaif Saýer.

«Akmola» (Gazagystan) ― «Dordoý» (Gyrgyzystan) ― 5:3.

Tapawutlananlar: Wladislaw Kurmelewskiý (3 şaýba), Stanislaw Smaglýuk, Mihail Tarasow ― Mamed Seýfulow, Ersultan Mirbekow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň