16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

10:5116.04.2024
0
11125

Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça geçirilen iş maslahatynda işgärleri wezipä belledi we wezipeden boşatdy, «Galkanyň» hokkeýçileri Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşy ýeňiş bilen başladylar, türkmen nusgawy şahyry Magtymgulynyň goşgulary serb diline terjime ediler we beýleki habarlar

Türkmenistanda


1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi we onuň dowamynda häkimleriň oba hojalyk pudagynyň ösüşi baradaky hasabatlaryny diňledi. Döwlet Baştutany gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini we bugdaý meýdanlaryndaky ideg işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

2. Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti işgärleri wezipä belledi we wezipeden boşatdy, hususan-da: Berdimuhammet Taganow Mary welaýatynyň Sakarçaga etrabynyň häkimi, Serdar Kakabaýew bolsa Ahal welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

3. Mundan başga-da, Kakageldi Haýtekow hem-de Yslam Nursahatow Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasarlary wezipesine, Muhammetberdi Öwezmyradow bolsa Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

4. Türkmen şahyry Magtymgulynyň ajaýyp eserleri serb diline terjime ediler. Bu mesele Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Serbiýa Respublikasynyň Moskwadaky ilçisi Momçilo Babiçiň arasyndaky duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Serbiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlary, medeni-ynsanperwer ulgam ýaly ugurlarda uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.

5. Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlis 19-njy aprele çenli dowam eder. Forumyň işine 19 ýurduň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylary we ýokary derejeli wekilleri gatnaşýarlar. Maslahatyň netijeleri boýunça demir ýol ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

6. 24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy we Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde beýik türkmen şahyry, filosofy we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleriň birnäçesini gurar. 24-nji aprelde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti bolar. Mundan başga-da, 22 – 26-njy aprel aralygynda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyrylar.

Dünýäde

7. Itler üçin oýnawaçlary öndürýän Amerikanyň «Bark» kompaniýasy diňe itleriň we olaryň eýeleriniň daşalmagy üçin niýetlenen «Bark Air» ýolagçy uçuşlaryny ýola goýdy. Şu wagta çenli «Bark Air» uçuşlary diňe iki ugurda hereket edýär: Nýu-Ýorkdan Los-Anjelese we Londona. Adaty uçuşlarda kiçijik haýwanlar salondaky göterijilerde we uly haýwanlar ýük saklaýan bölümde uçýarlar, ondan tapawutlylykda, «Bark Air» her bir dört aýakly ýolagçyny aýratyn oturgyç bilen üpjün edýär.

8. Ýaponiýaly Kenta Adati 24 sagadyň içinde iň köp turnikde özüňi çekmek boýunça täze rekordyň eýesi boldy. Oňa turnikde özüni 8940 gezek çekmek başartdy, şeýlelikde, ol ozalky rekordyň eýesi bolan awstraliýaly Geri Lloýddan 300 san öňe geçdi. Bu Adatiniň ilkinji rekordy däl. 2022-nji ýylda ol bir synanyşykda 651 gezek özüni çekip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi. Türgeniň hemişe sportyň muşdagy bolmandygyny bellemek gerek. Türgenleşige bolan höwes onda 2007-nji ýylda Ýaponiýanyň kenarýaka gorag gullugyna girende döredi, ol şonda turnikde özüňi çekmek boýunça synagdan geçip bilmändi.

Sport habarlary

9. Aşgabatda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň on ýurdundan toparlar gatnaşýar. Dabara Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk ýapyk buz meýdançasynda geçirildi. Bu ýede ýaryşyň ähli duşuşyklary oýnalar. Dabarada Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy okaldy. Halkara ýaryşyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, medeniýet we sungat işgärleri hem-de sport mekdepleriniň okuwçylary aýdym-sazly sahnalaşdyrylan çykyşlary ýerine ýetirdiler. Türgenler görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

10. Açylyş dabarasyndan soň Türkmenistanyň we Bahreýniň toparlary buza çykdylar. «Galkan» hokkeý toparynyň hokkeýçileri Bahreýniň toparyndan 8:1 hasabynda ynamly üstün çykdylar.

11. Türkmenistanyň we Belarusuň futzal boýunça milli ýygyndy toparlary bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler. Birinji duşuşyk 20-nji aprelde Mogilýow şäheriniň «Olimpiýaçy» sport toplumynda Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da geçiriler. Jogap duşuşygy bolsa 22-nji aprelde Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da Minsk şäherindäki «Uruçýe» sport toplumynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň