Ýagşymyradow Nedonyň üstünden gazanylan ýeňişden soňra Türkmenistana dolanýar

10:0316.04.2024
0
21735

Ýarym agyr agramda çykyş edýän türkmenistanly MMA türgeni Döwletjan Ýagşymyradow PFL 2 turnirinde sloweniýaly Jeýkob Nedonyň üstünden gazanylan ýeňişden soňra ata watanyna dolanýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Ýagşymyradow — Nedo söweşi 13-nji aprelde Las-Wegas (ABŞ) şäherinde geçirildi. Tutluşykda türkmen türgeni eýýäm deslapky raundda tehniki nokaut arkaly ynamly ýeňiş gazandy.

Döwletjan Ýagşymyradow «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň uçary bilen Türkmenistana geler. Türkmenistanyň sport abraýyny mynasyp goraýan Döwletjan Ýagşymyradowyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hormat bilen garşylanmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda Döwletjan Ýagşymyardowyň hasabynda 22 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar. Döwletjan bassyr 4 tutluşyk bäri ýeňiş gazanyp gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň