Soňky habarlar

Arhiw

«Galkan» hokkeý boýunça halkara ýaryşa ýeňiş bilen başlady

16:4015.04.2024
0
17088

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary Aşgabat şäherinde geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşa üstünlikli girişdi. Türkmenistanyň dokuz gezek çempiony bolan topar ilkinji duşuşygynda Bahreýniň adybir hokkeý toparyny 8:1 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda «Galkanyň» şaýbalaryny Nowruz Baýhanow, Pawel Barkowskiý, Aleksandr Wahowskiý, Begenç Döwletmyradow, Arslan Geldimyradow, Döwlet Hydyrow, Arslan Nuryýew we Baýmyrat Baýmyradow dagylar geçirdi.

«Galkan» «A» toparçada ýaryşýar. Bu toparçada «Galkan» bilen «Bahreýnden» başga-da, Özbegistanyň «Feniks», Omanyň «Oman Nationals» we Eýranyň «Ice Box» toparlary hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň