Ýewropanyň söwda wekiliýetiniň Türkmenistana saparyna garaşylýar

10:0513.04.2024
0
9752

Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Palwanow bilen Flandriýa maýa goýum we söwda gullugynyň sebitleýin missiýasynyň başlygy Piter Werplankeniň arasynda geçirilen duşuşykda Ýewropanyň söwda wekiliýetiniň Türkmenistana sapary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu barada sng.fm Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Taraplar bu saparyň Ýewropanyň kompaniýalaryna Türkmenistanyň baý we geljegi uly bazaryndaky ornuny giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilik döretjekdigini bellediler.

Şeýle-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Flandriýa maýa goýum we söwda gullugy (FIT) Flandriýada ýerleşýän kompaniýalara eksporta kömek edýär we sebite daşary ýurt kompaniýalaryny, maýa goýumlary çekýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, Türkmenistan dünýä ykdysadyýetiniň ähli derejelerinde durnukly we deňagramly ösüşi saklamaga gönükdirilen sebitleýin we global proseslere işjeň gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň