Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty Merkezi Aziýa-Hytaý sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

14:1612.04.2024
0
13592

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Merkezi Aziýa-Hytaý sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory Wu Ýingping bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar geçiş döwründe Sekretariatyň ýakyn wagtda alyp barýan işlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada HHM habar berdi. Hususan-da, şu aýda Sian şäherinde Sekretariatyň üçünji maslahatyna gatnaşmak, şu ýylyň ikinji ýarymynda bu gurluşa gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň ýygnagy boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem, türkmen diplomaty duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Hytaý bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem köptaraplaýyn esasda Merkezi Aziýa — Hytaý formatynyň çäginde çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň