Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi

11:5312.04.2024
0
10345
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Surat: esquire.kz

Ählumumy gazna bazarynyň kapitallaşdyrylmagy soňky 30 ýylda iň ýokary derejä ýetdi diýip, «Financial Times» neşirine salgylanýan «24KZ» habar berdi.

Hasabata görä, dünýäde iri 10 kompaniýanyň bu bazardaky paýy 19,5 göterime deň boldy. 2016-njy ýylda görkeziji 9 göterimden hem pesdi.

Bu ýagdaý maýa goýumçylary biynjalyk edýär. Hünärmenler şeýle-de bazarda ABŞ-da bolan kompaniýalaryň paýnamalarynyň artyklyk edýändigine ünsi çekýärler. Ýagny Birleşen Ştatlardan bolan kompaniýalara umumy bazaryň maýasynyň 22 göterimi degişlidir, olaryň hatarynda Microsoft, Apple, Nvidia, Amazon, Meta we Alphabet bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň