Turkmenportal logo
12.04.24
82508250
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lukaşenko kosmonawt Wasilýewskaýa Belarussiýanyň Gahrymany diýen at dakdy
Surat: gazeta.ru

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýurduň ilkinji zenan kosmonawty Marina Wasilýewskaýany sylaglady. Oňa Gahryman medalyny we degişli şahadatnamany gowşurdy diýip, «Vesti.ru» habar berýär.


Marina Wasilýewskaýa älemdäki halkara kosmos stansiýasynda Oleg Nowiskiý we amerikaly zenan Loral O’ Hara bilen bilelikde 12 gije-gündiz boldy.


Kosmonawtlar topary Ýere 6-njy aprelde dolanyp geldiler.