Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar

14:3711.04.2024
0
40482

Türkmenistanda doglan rus kosmonawty Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny täzelemegini dowam edýär. Häzirki wagtda HKS (Halkara kosmos stansiýasy) serkerdesi Oleg Kononenko 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýere gaýdyp gelende, onuň kosmosda geçiren günleriniň umumy sany 1110 gün bolar.

Oleg Kononenko 2024-nji ýylyň 5-nji fewralynda kosmosda geçiren günleriniň sanyny jemi 879 güne ýetirdi we Gennadi Padalkiniň bu ugurdaky ozalky rekordyny (878 gün) täzeledi.

Kosmonawt bu üstünligi Halkara kosmos stansiýasynda belledi.

«Rekord goýmak üçin däl-de, halaýan işim bilen meşgullanmak üçin kosmosa uçýaryn. Kosmonawt — çagalykdan bäri arzuw edip gelýän, gyzyklanýan we isleýän hünärim. Bu gyzyklanma, kosmosa uçmak, ýaşamak we orbitada işlemek islegi meni uçmagy dowam etdirmäge iterýär» diýip, Oleg Kononenko belleýär.

Russiýanyň kosmos gullugy bolan «Roskosmosyň» kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko häzirki wagtda kosmosa bäşinji uçuşyny amala aşyrýar. Ol russiýaly Nikolaý Çub we NASA-nyň kosmonawty Loral O'Hara bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Halkara kosmos stansiýasyndaky işine başlady. Bu kosmonawtlar toparynyň bäşinji uçuşy 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda tamamlanar.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinde dünýä indi. . 1988-nji ýylda Harkowyň Žukowskiý adyndaky awiasiýa institutyny tamamlady. 1996 — 1998-nji ýyllarda Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkezinde türgenleşik geçdi. Ol ilkinji uçuşyny 2008-nji ýylyň aprelinde Halkara kosmos bekediniň esasy toparynyň düzüminde amala aşyrdy.

Ol Türkmenistanda orta mekdebi gutardy we türkmen dilinde erkin gürläp bilýär. O.Kononenko Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymanydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň