Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen öz ýurdunyň dindarlaryny gutlady. Bu barada «MIR 24» ýazýar.
Rahmon öz gutlagynda täjik halkyna işde we durmuşda üstünlik hem-de maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
30 günüň dowamynda dine uýýanlar agyz beklediler. Remezan baýramy bilen baglylykda, şu gün, 10-njy aprel Täjigistanda dynç güni diýlip yglan edildi.