Türkmen-rus söwda dolanyşygy 1,6 milliard amerikan dollaryndan geçýär

13:1110.04.2024
0
7838

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, soňky bäş ýylda Russiýa Türkmenistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galdy. Has anyk aýtsak, häzirki wagtda ýyllyk türkmen-rus söwda dolanyşygy 1,6 milliard amerikan dollaryndan geçýär.

«Gazprom», «Tatneft», «Kamaz» kompaniýalary, «Wozroždeniýa» kompaniýalar topary we beýleki iri korporasiýalar türkmen bazarynda üstünlikli işleýär. Sebitara hyzmatdaşlykda-da möhüm öňegidişlikler bar. Russiýanyň Sankt-Peterburg, Tatarystan we Astrahan sebitleri bu ugurda has işjeňdir.

«Russiýa Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge goşant goşýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär» diýlip, RF-iň Aşgabatdaky ilçihanasynyň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 32 ýyllygy mynasybetli paýlaşan metbugat beýanatynda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi netijesinde häzirki wagtda rus ýokary okuw mekdeplerinde 40 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň