Paralimpiýaçy türgenler sylaglandy

15:1409.04.2024
0
13339

Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda Bütindünýä saglyk gününde halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Şol gün sportuň paralimpiýa görnüşi boýunça üstünlikli çykyş eden türgenler Hojaýew Muhammet, Matýakubowa Roza, Çaryýew Işkuwwat, Saparow Baýramgeldi daga hem sylaglar gowşuryldy. Olar şu ýylyň 25-nji fewraly — 8-nji marty aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogy ugrunda geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň adyndan üstünlikli çykyş etdiler. Para-pauerlifting daýanç-hereket ulgamlaryndan ejir çekýän türgenler üçin niýetlenen sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar.

Sylaglara eýe bolan türgenler ýadygärlik surata düşüp, halkara ýaryşlarda gazanylan ýeňişleriň hormatyna ýaryş meýdançasyndan dabaraly ýöräp geçdiler.

Sylaglanyş dabarasynyň ahyrynda sungat ussatlarynyň konserti, türkmen türgenleriniň görkezme çykyşlary guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň