Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Jeki Çan fotosuratda tiz «garramagynyň» sebäbini düşündirdi

12:3209.04.2024
0
14080

Gonkongly aktýor Jeki Çan özüniň soňky fotosuratlarynyň birinde keşbiniň garry görünmeginiň sebäbini täze filmde surata düşmäge taýýarlanýandygy bilen düşündirdi. Bu barada «The Star» neşirine salgylanýan «Izwestiýa» ýazýar.

Martda Jeki Çanyň suratlarynyň birinde gaty garry görünmegini sosial ulgamlarda ara alyp maslahatlaşdylar. Aktýor öz muşdaklaryny täze filme taýýarlanýandygy bilen köşeşdirdi. «Filmdäki gahrymanym menden çal saçly, ak sakgally bolmagymy hem-de garry görünmegimi talap edýär» diýip, Çan gürrüň berdi.

7-nji aprelde aktýor 70 ýaşady. «Dostlarymyň köpüsi maňa Jeki sen 70 ýaşyňda diýip ýatladýarlar. Bu sany eşidenimde, ýüregim bir sekunt duran ýaly bolýar. Eýýäm 70 ýaşaýdymmy?» diýip, Jeki özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy.

Aktýoryň sözlerine görä, onuň saglygy gowy, ýaşyny alada edenok. Ol özüniň kinodaky 62 ýyllyk kärinde henizem filmlerde surata düşýändigini bagt hasaplaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň