Soňky habarlar

Arhiw

Ýene bir ýeňiş «Baýeri» Bundesliganyň çempionyna öwrer

21:4507.04.2024
0
8029

Şenbe güni Germaniýanyň Bundesligasynyň 28-nji tapgyrynyň birnäçe oýunlary geçirildi. Tapgyrda turnir tablisasynyň lideri «Baýer» myhmançylykda «Union» (Berlin) toparyny Wirziň 45+8-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan uran goly bilen minimal hasapda ýeňlişe sezewar etdi.

Mýunheniň «Bawariýasy» bolsa garaşylmadyk ýagdaýda myhmançylykda «Haýdenhaýmdan» 3:2 hasabynda asgyn geldi. Tomas Tuheliň tälim berýän topary Keýniň (38) we Ganbriniň (45) gollary bilen 2:0 öňe geçen hem bolsa ýeňşi saklap galyp bilmedi. Oýnuň ikinji ýarymynda ýer eýeleri Hassanyň 50-nji minutdaky goly bilen aratapawudy gysgaldan bolsalar, soňra Klýandinstiň dubly (51, 79) arkaly ýeňşi öz taraplaryna agdyrdylar.
Tapgyryň ýene bir esasy oýnunda «Ştutgart» myhmançylykda Dortmundyň «Borussiýasyny» Girassiniň 64-nji minutda uran ýeke-täk goly bilen utmagy başardy.

Şeýlelikde, ýaryşyň tamamlanmagyna 6 oýun galanda «Baýer» 76 utuk bilen birinji orny eýeläp dur. Ikinji orundaky «Bawariýanyň» hem-de üçünji ýerdäki «Ştutgartyň» bolsa hersinde 60 utuk bar. Şundan görnüşi ýaly eger-de «Baýer» topary ýene bir ýeňiş gazansa, wagtyndan öň Bundesliganyň çempionyna öwrüler.

Bundesliganyň indiki tapgyrynda «Baýer» 14-nji aprel güni öz öýünde «Werder» bilen duşuşar, «Bawariýa» bolsa bir güň öň «Kýölni» kabul eder.

Şol gün «Ştutgart» hem öz öýünde «Aýntraht» bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň