Soňky habarlar

Arhiw

Amerikadaky Azatlyk diňine ýyldyrym düşdi

10:5706.04.2024
0
11242
Amerikadaky Azatlyk diňine ýyldyrym düşdi
Surat: belta.by

Nýu-Ýork şäherindäki iň meşhur heýkele – Azatlyk diňine ýyldyrym düşdi diýip, «RIA Nowosti» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideoşekillerde ýyldyrymyň heýkeliň elinde saklap duran alawa düşendigi görünýär. Binanyň özüne zeper ýetmedi.

Şäheriň seýilgähler edarasy heýkeli ýylyň dowamynda birnäçe gezek ýyldyrym urýandygyny habar berdi, oňa gorag ulgamy sebäpli tebigy hadysa zyýan ýetirmeýär.

3-nji aprelde Nýu-Ýorkda güýçli ýagyş we harasat gopdy, yz ýanyndan mawy öwüşginli ýyldyrym heýkele düşdi.

Ady tutulan edaranyň metbugat gullugy hiç kimiň ejir çekmändigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň