Türkmenistan Täjigistan bilen howa gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär

10:5606.04.2024
0
19006

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny dikeltmek mümkinçiligini öwrenmegi dowam etdirmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Kohir Rasulzoda 4-nji aprelde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça ulag ýoluny döretmek, şeýle hem Täjigistanyň we Özbegistanyň çäginiň üsti bilen, Hazar deňziniň we Pars aýlagynyň portlaryna çykmak arkaly Hytaýdan Türkmenistana multimodal ulag geçelgesini çekmegiň mümkinçilikleri barada ara alnyp maslahatlaşylan meselelere üns çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň