Turkmenportal logo
06.04.24
91159115
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kristalina Georgiýewa HPG-niň başlygy wezipesine ýeke-täk dalaşgär görkezildi
Surat: trend.az

Halkara Pul gaznasynyň indiki paýlaýjy direktory wezipesine dalaşgärleri teklip etmek 3-nji aprelde tamamlandy. «Trend» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, bu barada gaznanyň ýolbaşçylygynyň beýanatynda habar berilýär. Onda HPG-niň başlygy wezipesine häzirki başlyk Kristalina Georgiýewanyň ýeke-täk dalaşgär bolandygy bellenýär.


Halkara Pul gaznasynyň ýerine ýetiriji direktorlarynyň geňeşi 70 ýaşly Georgiýewa bilen ikiçäk gürrüňdeşlik geçirer, onuň netijeleri boýunça ol wezipä tassyklanar.