Turkmenportal logo
06.04.24
3231932319
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BAE-niň wise-prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine sport welosipedini sowgat ýollady

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, BAE-niň Prezidentiniň Iş Dolandyryş ministri, Şeýh Mansur ben Zaýed Al Nahaýan BAE-niň «Team Emirates» atly ussat welosipedçiler toparynyň welosipedini sowgat hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýollady. Bu barada BAE-niň Aşgabatdaky ilçihanasy jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly habar berdi.


Sport welosipedi türkmen döwletiniň Baştutanyna Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sowgat berildi ― diýip, çeşme ýazýar.


Geçen ýyl bu toparyň wekilleri okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin Aşgabat şäherine gelipdiler. Olar türgenleşiklerini Olimpiýa şäherçesinde we Gökdere jülgesinde alyp barypdylar.