1-nji aprelde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A. Baýramow Ýaponiýanyň Premýer-ministri F.Kişida tarapyndan bu ýurtdaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary üçin külli musulman dünýäsinde mukaddes Remezan aýynda gurnalan agzaçar çäresine gatnaşdy, bu barada türkmen ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Bu çäräniň çäginde Türkmenistanyň Ilçisi Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen söhbetdeş bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan mähirli arzuwlary ýetirdi we F.Kişidany ýapon tarapy üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen barmaga çagyrdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan we Ýaponiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeň ösdürýärler. 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriniň Ýaponiýa amala aşyran saparlary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bu saparlaryň netijesinde türkmen wekiliýetleri Ýaponiýanyň döwlet we hususy pudaklarynyň ýokary derejeli wekilleri bilen ýokary netijeli duşuşyklary geçirdi. 2024-nji ýylyň diňe birinji çärýeginiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagy maksat edinýän jemi 8 sany hökümetara we pudagara resminama gol çekildi.
Şol bir wagtyň özünde, 2024-nji ýylyň 27-nji martynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň kiçi we orta telekeçileriniň gatnaşmagynda geçirilen ilkinji işewürler forumynyň çäginde Osaka şäherinde geçiriljek EXPO-2025 halkara sergisi üçin 2025-nji ýylyň aprel aýynda açylmagy meýilleşdirilýän türkmen pawilýonynyň taslamasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Ýapon tarapy Türkmenistanyň bu halkara sergisinde öz milli pawilionynyň gurluşygyny başlan ilkinji döwlet bolandygyna ýokary baha berdi.