Soňky habarlar

Arhiw

Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi

13:5104.04.2024
0
11216
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
Surat: mir24.tv

Amerikaly aýdymçy zenan Teýlor Swift ilkinji gezek «Forbes» žurnaly tarapyndan çap edilen milliarderleriň sanawyna girdi, ol sanawda 2545-nji orny eýeledi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Neşiriň habaryna görä, pop-aýdymçynyň mirasy 1,1 milliard dollar bahalanýar, ol 2023-nji ýylda «Eras» çykyşlar saparynyň hem-de aýdym-sazlarynyň sanynyň artmagynyň arkasyndan milliard dollar gazanmagy başardy.

«Swift öz aýdymlarynyň we çykyşlarynyň hasabyna sanawa giren ilkinji sazandadyr» diýip, «Forbes» ýazýar.

Milliarderleriň sanawynyň başyny Bernar Aro we onuň maşgalasy çekýär, Ondan soňra Jeff Bezos, Ilon Mask ýerleşýär. Dünýäde iň baý zenan fransiýaly Fransuaza Bettankur-Maýers bolup, ol sanawda 15-nji ýerden orun aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň