Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana resmi sapar bilen bardy

10:2904.04.2024
1
21133

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary birnäçe wagtdan soň, iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Duşenbe Halkara howa menziline gondy.

Bu ýerde düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, Gahryman Arkadaga gül desseleri gowşuryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň maý aýynda Täjigistana bolan döwlet saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Prezident Emomali Rahmon bilen şu gezekki duşuşygy uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň