3 – 5-nji aprel aralygynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçirilýär.
Sergä gatnaşyjylaryň biri hem ýörite lybaslary we iş eşiklerini tikmeklige ýöriteleşen «Sarayan» hojalyk jemgyýetidir.
Sergide «Sarayan» dürli pudaklar: gurluşyk, nebitgaz senagaty, energetika, lukmançylyk ulgamlary, myhmanhana işewürligi we hyzmatlar pudagy üçin ýörite lybaslaryň we iş eşikleriniň täze görnüşlerini hödürleýär.
«Sarayan» kompaniýasy ýörite lybaslary tikmek hyzmatlarynyň giň toplumy, şol sanda müşderiniň öz getiren matalaryndan hususy sargytlary taýýarlamak, egin-eşiklere keşde bilen nyşanlary we logotipleri çekmek, şeýle hem şöhlelendiriji zolaklary ýerleşdirmek hyzmatlaryny hödürleýär.
«Sarayanyň» önümçilik kuwwaty aýda 10 000 toplum ýörite lybas öndürmäge mümkinçilik berýär, bu hatda iň uly sargytlaryň hem çalt ýerine ýetirilmegini kepillendirýär.
«Sarayan» HJ hemmeleri Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisinde öz diwarlygyna gelip görmäge çagyrýar.