Soňky habarlar

Arhiw

Türk syýasatçysy baýramçylyk wagty balkon ýykylyp heläk boldy

11:5702.04.2024
0
12510
Türk syýasatçysy baýramçylyk wagty balkon ýykylyp heläk boldy
Surat: gazeta.ru

Türkiýäniň oppozision Halk-Respublikan partiýasynyň (CHP) bölüm başlygynyň orunbasary Mehmet Palazi partiýanyň golaýda geçen ýerli saýlawlarda gazanan ýeňşini baýram edýärkäler, balkon ýykylyp heläk boldy. Bu barada partiýa salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.

Waka Denizli ülkesiniň Tawas etrabynda boldy.

IHA habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, partiýanyň ýeňşi baýram edilýän jaýyň balkony birdenkä ýumruldy, syýasatçy bilen bilelikde ýene sekiz adam hassahana göterildi. Palazini halas etmek başartmady.

Sesleriň 99,9 göterimi sanalanda, CHP-niň şäherleriň 35-sinde ýolbaşçylygy alýandygy belli boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň