Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol çempionaty: 5-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumatlar paýlaşyldy

17:2501.04.2024
0
10955

Ertir ― 2-nji aprelde Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynda 5-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Täze tapgyryň duşuşyklaryny kabul edýän stadionlar babatynda ýene-de Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki Sport toplumy öňe çykýar. Bu toplum tapgyrda iki duşuşygy kabul eder. Tapgyryň galan iki duşuşygy Aşgabat we Mary şäherlerinde geçiriler.

TFF duşuşyklaryň diňe birini 2-nji aprelde, galan üçüsini bolsa 3-nji aprelde geçirmegi meýilleşdirýär.

Tapgyrdaky duşuşyklaryň üçüsi sagat 16:00-da, biri bolsa 15:30-da başlanar.

Şeýle hem federasiýa duşuşyklary alyp barjak eminler baradaky maglumatlary paýlaşdy:

5-nji tapgyryň duşuşyklary:

02.04.2024 ý. (sişenbe)

“Aşgabat” – “Arkadag”

Geçirilýän ýeri: “Sport desga” (Ahal wel. Gökdepe etr. Babarap geňeşligi)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: A.Begnazarow (Mary ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Ätiýaçdaky emin: K.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)

03.04.2024 ý. (çarşenbe)

“Köpetdag” – “Şagadam”

Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: P.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Çaryýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

“Energetik” – “Merw”

Geçirilýän ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 15:30

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Haknazarow (Aşgabat ş.), Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)

Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

“Ahal” – “Altyn Asyr”

Geçirilýän ýeri: “Sport desga” (Ahal wel. Gökdepe etr. Babarap geňeşligi)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň