Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa «G20»-ligiň iň çalt ösýän ýurtlarynyň sanawyna girdi

09:5601.04.2024
0
5837
Russiýa «G20»-ligiň iň çalt ösýän ýurtlarynyň sanawyna girdi
Surat: mir24.tv

Geçen 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Russiýa «Uly ýigrimiligiň» döwletleriniň arasynda ykdysadyýeti iň çalt ösýän bäşinji ýurt boldy. Ilkinji üçlüge Hindistan, Hytaý we Indoneziýa girdi diýip, «RIA Nowosti» milli statistika gulluklarynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Hemmelerden beter Hindistanyň ykdysadyýeti ýokary ösüş görkezdi – 7,2 göterimden 7,3-e çenli. Hytaýyň jemi içerki önümi mundan bir ýyl öň 3 göterim bolanlygyndan 5,2 göterim ösüş gazandy. Indoneziýada 2022-nji ýylda 5,3 göterim bolanlygyndan 5,1 göterim ösüş depgini hasaba alyndy.

Bäşinji orunda Russiýa ýerleşdi, onuň ykdysadyýeti 3,6 göterim ösüş görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň