Şwesiýanyň Karolinskiý institutynyň alymlarynyň aýtmagyna görä, iki gije-gündizläp ukusyny almadyk adam özüni 4,4 ýaş uly duýup biler. Gazeta.ru saýty alymlaryň geçiren bu gözleginiň netijeleriniň «Proceedings of the Royal Society B» (RSPB) žurnalynda çap edilendigini habar berýär.
Bu ugurda alnyp barlan iki synagyň çäginde alymlar 18 — 70 ýaş aralygyndaky adamlaryň 615-si bilen pikir soraşma geçirdiler. Netijede, adamyň ýekeje gün ukusyny almadyk ýagdaýynda ortaça üç aý garraýandygy mälim edildi.
Ikinji geçirilen synag bolsa iki gije-gündizläp ukusyny çäklendiren (4 sagat) adamlaryň adaty wagt hasabynda, ýagny ortaça 9 sagat ýatyp kadaly ukusyny alýanlara garanyňda 4,4 ýaş garraýandygyny görkezdi.
Gözlegi geçirýänleriň belleýşi ýaly, ýaşynyň ulalýandygyny duýmakdan başga-da, ukusy ýetmeýän adamlar göwnüçökgün, işjeňligi, köpçülik bilen aragatnaşyk saklamaga bolan islegi pes bolýar.