Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewürleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy

10:3428.03.2024
0
11937

Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH ýazýar.

Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Hoň Hýon Soň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň we Türkmen-koreý dostluk toparynyň koreý tarapynyň ýolbaşçysynyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan saparyny we onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy koreý kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi.

Koreýaly işewür toparlaryň wekilleri dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi we bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin berk binýadyň döredilendigini belläp, durnukly ösüş ýoly bilen öňe barýan, ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini belläp, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek, ýurtda ýaşlara koreý dilini öwretmek boýunça okuw merkezini gurmak bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi.

Myhmanlar ägirt uly uglewodorod kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda ýokary üstünlikleri gazanýandygyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýändigini belläp, Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň türkmen ýurdunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-koreý işewürlik hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk tejribesiniň bardygyny, mawy ýangyjy çykarmak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly uly meýilnamalary nazara almak bilen, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öňdebaryjy innowasion işläp taýýarlamalaryň, ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenildi.

Koreýaly işewürler dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli infrastruktura taslamalaryna gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Myhmanlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň beýan eden möhüm teklipleriniň doly öwreniljekdigini nygtap, olar boýunça degişli ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler. Şunuň bilen birlikde, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň we tejribe alyşmagyň wajyp mesele bolup durýandygy aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtda dünýä belli kompaniýalaryň köp sanlysynyň iş alyp barýandygyny belläp, desgalaryň gurluşygynda olaryň ýokary hil standartlaryna we ekologik kadalara laýyk gelmeginiň üýtgewsiz talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň hem koreý tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.
Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň çäginde bar bolan ýangyç we himiýa serişdeleriniň gaýtadan işlemek üçin ýaramlylyk derejesiniň ýokarydygyny nygtadylar. Bu bolsa netijeli bilelikdäki iş üçin möhüm şert bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri koreýaly hyzmatdaşlar bilen ýangyç-energetika, senagat pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny ýene-de bir gezek belläp, bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Gämigurluşyk pudagynda hem tagallalary birleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde ýük göterijiligi 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň ikisini gurmak barada şertnama gol çekdi. Bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Täze ülňä laýyklykda, zawodyň önümhanalarynda we önümçilik meýdançalarynda gaýtadan enjamlaşdyryş, ölçeg işleri geçirilýär. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody üçin halkara ISO güwänamalaryny almak ugrunda çäreler görülýär. Şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça meselelere seredilýär.

Ulag-logistika, ýük howa gatnawlarynyň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda kesgitlendi. Iki ýurduň arasynda ýolagçy howa gatnawyny ýola goýmak hem meýilleşdirilýär.

Myhmanlar türkmen halkynyň Milli Liderine söhbetdeşlik üçin hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň