Türkmenistanyň ýygyndysy Eýrandan kiçi hasap bilen ýeňildi

22:2626.03.2024
0
16222

Türkmenistanyň fubol boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Eýranyň ýygyndysyna garşy geçiren jogap duşuşygynda 0:1 hasap bilen ýeňildi.

Myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlanan duşuşygyň ýeke-täk goluny birinji ýarymyň goşmaça minudynda hüjümçi Mehdi Tareminiň beren ýardam pasyndan ýerlikli peýdalanan ýarymgoragçy Mehdi Gaýedi geçirdi.

Türkmen ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Tähranda geçen duşuşykdan tapawutlylykda, bu gezek toparyň esasy düzüminde üç sany üýtgeşme geçirdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi — derwezeçi: Rüstem Ahallyýew; goragçylar: Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ata Geldiýew; ýarymgoragçylar: Mirza Beknazarow, Teýmur Çaryýew, Begmyrat Baýow, Ýazgylyç Gurbanow; hüjümçiler: Didar Durdyýew, Alybek Abdyrahmanow, Arslanmyrat Amanow (c).

Saýlama tapgyrda geçirilen 4 oýundan soň, Eýranyň ýygyndysy 10 utuk bilen «E» toparçanyň başyny çekýär. Türkmenistan bolsa 1 utuk bilen 3-nji orunda barýar.

DÇ-2026 saýlama tapgyrynyň ikinji aýlawynda baş tälimçi Mergen Orazowyň topary 6-njy iýunda Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşyk geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň