Soňky habarlar

Arhiw

«Toyota Corolla» dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi

11:0726.03.2024
0
9406
«Toyota Corolla» dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Surat: gazeta.ru

2023-nji ýylyň jemleri boýunça «Tesla Model Y» ulagy dünýäde iň köp satylýan awtoulag diýlip yglan edildi, ol öň 26 ýyllap bu ýeri eýelän «Toyota Corolla» ýapon ulagyny çalyşdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Tesla Model Y» ulaglarynyň satuwy geçen ýylda 51 göterim artdy we 1,15 milliona deň boldy.

«Toyota Corolla» 1,13 million birlik bilen ikinji orna geçdi. Onuň yzyndan 934,9 müň birlik görkeziji bilen «Toyota RAV4» kysymy ýerleşdi.

Demirgazyk Amerikada iň meşhur «Ford F-Series» pikaby sanawda dördünji orny eýeledi, onuň 901,6 müň sanysy satyldy. Ondan soňra «Honda CR-V», «Chevrolet Silverado» we «Toyota Camry» ulaglary gelýär.

«Toyota Corolla» 1997-nji ýyldan bäri iň köp satylýan ulag bolmagynda galýardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň