26-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

10:3426.03.2024
0
9436

Türkmenistanyň Prezidenti ekinlere talabalaýyk ideg edilmegini tabşyrdy, «Çalık Enerji» Türkmenistanda elektrik stansiýasynyň gurulmagy üçin maliýe kepilligini aldy, dünýäniň iri media kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabatda geçiriljek halkara maslahata gatnaşarlar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda gowaça ekişiniň guramaçylykly we öz wagtynda geçirilmegini, şeýle hem bugdaý ekin meýdanlara talabalaýyk ideg edilmegini hem-de pile öndürmek möwsümine taýýarlyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

2. «Çalık Enerji» türk kompaniýasy Germaniýanyň «Commerzbank» bankyndan we Şweýsariýanyň eksport-karz agentliginden (ECA) Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde kuwwaty 1574 MWt bolan bug-gaz elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin ABŞ-nyň 586 million dollary möçberinde maliýe kepilligini aldy. Iri energetika desgasynyň gurluşygy 40 aý dowam eder.

3. Dünýädäki iri media kompaniýalarynyň, maglumat platformalarynyň we agentlikleriniň, şeýle hem habar beriş serişdeleri pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça dünýä belli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Aşagabatda geçiriljek «Türkmen topragy – gadymy siwilizasiýalaryň merkezi» atly metbugat maslahatyna gatnaşarlar. Forum 28-nji martda paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda öz işine başlar.

4. Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň başlangyjy esasynda Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkiýäniň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde Buharestde Halkara Nowruz gününe bagyşlanan sergi guraldy. Bu çäre baharyň gelmegini we tebigatyň janlanmagyny, parahatçylygy, sazlaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy alamatlandyrýar.

5. Ýazky dynç alyş möwsüminiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sahnasynda günde iki tomaşa görkezilýär. Tomaşaçylaryň gyzyklanmalaryny artdyrmak üçin sirkiň döredijilik topary çykyşlaryny yzygiderli täzeläp durýarlar. «Çarli Çaplin tigirde» ýa-da «Erkin atlar» ýaly çykyşlary tomaşaçylar hemişe şatlyk bilen garşylaýarlar. Täze tomaşa maksatnamasynda köp sanly masgarabaz oýunlary göz öňünde tutuldy.

Dünýäde

6. Florida ştatynyň gubernatory Ron Desantis çagalaryň sosial ulgamlara girmegini çäklendirýän kanuna gol çekdi. Resminama laýyklykda, 14 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlarda hasap açmak gadagan. 14 we 15 ýaşly ýetginjeklere bolsa diňe ene-atasynyň razylygy bilen hasaba alynmaga rugsat berilýär. Desantis sosial ulgamlaryň çagalara zyýan berip biljekdigini aýtdy. Ol täze kanun ene-atalara çagalaryny abanyp biljek howplardan goramaga kömek diýip hasaplaýar.

7. Şanhaýyň Pudun etrabynda sürüjisiz awtoulaglar üçin niýetlenen 205 kilometrlik awtoulag ýoly synag tertibinde açyldy. Ol sürüjisiz awtoulaglaryň islendik howa şertlerinde kynçylyksyz ugur almagyna mümkinçilik berýän iň täze 5G-A aragatnaşyk standartyny ulanýar. 5G-den tapawutlylykda, 5G-A has çalt maglumat tizligini, gijiklegiň azalmagyny we has takyk uýgunlaşmany üpjün edýär, bu bolsa sürüjisiz hereket edýän awtoulaglary has ygtybarly we howpsuz edýär.

Sport habarlary

8. Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň milli ýygyndylarynyň baş tälimçileriniň duşuşykdan öňki metbugat maslahaty geçirildi. Türkmen toparynyň tälimçisi Mergen Orazow häzirki wagtda toparda oýnuň taktiki taýdan täzelenmegi we oýnuň gaýtadan düzülmegi bilen baglanyşykly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Emma öýde, janköýerleriň goldawy bilen Türkmenistanyň topary oňyn netijä umyt baglaýar.

9. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow hem toparyň ahyryna çenli söweşmäge we ýeňiş gazanmak üçin elinden gelenini etmäge taýýardygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň