Türkmenistanyň ilçisi Sukuba uniwersiteti bilen ylmy hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

16:3625.03.2024
0
14114

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi A.Baýramow Sukuba uniwersitetiniň wise-prezidenti we Bilelikdäki gözlegler boýunça ýerine ýetiriji direktory Kanaho Ýsunoriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda Türkmenistan bilen Sukuba uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwrüň talabyna laýyklykda, häzirki we geljekki möhüm temalar boýunça bilelikdäki gözleg işlerini geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar ylmy gözlegler, tejribe we bilim alyşmak, şeýle hem bilelikdäki çäreleridir maslahatlary guramak ugrundaky hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň