Soňky habarlar

Arhiw

La-Manşda 1641-nji ýylda gark bolan altynly gämini gözleýärler

11:2925.03.2024
0
12377
La-Manşda 1641-nji ýylda gark bolan altynly gämini gözleýärler
Surat: gazeta.ru

Britaniýanyň ýanyndan XVII asyrda gark bolan üsti altynly gämini gözleýärler diýip, «NDTV» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

Ýagny üstünde kän altyn bolan «Deňiz Eldoradosy» diýlip at berlen «Merchant Royal» gämisi Angliýanyň kenarýakasynda 1641-nji ýylda gark bolupdyr.

Ylmy-barlagçylar ondaky hazynanyň umumy bahasynyň bir milliard dollardan hem köpdügini aýdýarlar. Gäminiň gözlegini «Multibeam Services» kompaniýasy alyp barýar.
2024-nji ýylyň tutuş dowamynda hazyna gözleýjiler 321 inedördül kilometre deň bolan La-Manşyň çägini barlarlar. Gözlegiň barşynda häzirki zaman tehnologiýalaryny: suwasty uçarmansyz enjamlary we öňdebaryjy suwasty gözleg gurluşlaryny ulanmakçy bolýarlar.

Gözleg işiniň ýolbaşçysy Naýjel Hoj bu işiň altyn tapyp baýamak maksady bilen däl-de, tapyndyny ele salmak başardanda, ony muzeýe tabşyrmak meýli bilen alnyp barylýandygyny gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň