25-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

10:5325.03.2024
0
13229

Türkmenistanyň Prezidenti täze kitabyny ýazyp tamamlady, «Türkmenpoçtanyň» täze merkezi edara binasy gurlar, täze okuw ýylynda türkmen mekdep okuwçylaryna 155 müňden gowrak noutbuk gowşurylar we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan täze kitabyny tanyşdyrdy. Döwlet Baştutany alymlaryň türkmen halkynyň baý geçmişini tassyklaýan Türkmenistandaky möhüm arheologiki açyşlary barada belläp geçdi.

2. Aşgabatda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyň kompaniýasynyň täze döwrebap Taslama laýyklykda, täze desga bäş gatdan ybarat bolup, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edilen tehniki we serwer otaglaryny, operatorlaryň iş otaglaryny, müşderiler bilen işlemek üçin uly zaly hem-de mejlisler zalyny öz içine alar.

3. Türkmenistanda 155 müňden gowrak birinji synp okuwçysyna täze okuw ýylynda noutbuk sowgat berler. Häzirki wagtda sowgat beriljek «Bilimli» kompýuterleriniň nusgalary taýýarlanylyp, degişli ministrlikler tarapyndan bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalary seljerildi, olaryň hil standartlary baradaky kepilnamalar alyndy.

4. Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we raýatlaryna, watandaşlaryna we biparh galmadyklaryň ählisine «Krokus Siti Hollda» bolup geçen betbagtçylyga duýgudaşlyk üçin hoşallyk bildirdi.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pariž şäherinde geçiriljek ýurduň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Çäräni 24-25-nji aprelde geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda meýilleşdirilen maýa goýum forumyny guramaçylykly geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar.

6. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän «Saglyk» seýilgähiniň taslamasy bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy bedew heýkelleriniň görnüşlerini synlady. Türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan bedewleriň şekilleriniň täze şäheriň çäginde gurulýan desgalarda öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu işlere döwrüň talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belledi.

Dünýäde

7. Şanhaýyň Ýanpu etrabynda 10 Gbit/sek tizlige ýetmäge ukyply täze standartly ýokary tizlikli mobil internet ornaşdyryldy. Bulut hyzmatlaryna dessine birikmegi we giň mazmunly kontente elýeterliligi üpjün edýän 50G-PON tehnologiýasy hem-de F5G-A hyzmaty netijesinde bu tizligi gazanmak mümkin boldy. Şeýle internet arkaly 8K durulykdaky iki sagatlyk filmi bary-ýogy 72 sekuntda ýükläp almak mümkindir, bu adaty gigabit birikmesinden 10 esse tizdir.

8. Killian Mýorfi hekaýanyň doly göwrümli filminde harizmatik gangster Tomas Şelbiniň keşbini janlandyrar. Filmi surata düşürmek işleri 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Birmingemde başlar. Mýorfi serialyň alty möwsüminiň dowamynda Şelbiniň keşbini janlandyrypdy we onuň bu meşhur keşbine gaýdyp gelmegi muşdaklaryny diýseň begendirer. Doly göwrümli filmiň sýužeti we çykjak senesi häzirlikçe gizlin saklanýar.

Sport habarlary

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Eýran bilen geçiriljek jogap duşuşygyna taýýarlyk görýän toparyň düzüminde bäş oýunçyny çalyşdy. Türkmen toparynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, derwezeban Rahat Japarow, goragçylar Yhlas Toýjanow we Meýlis Durdyýew, şeýle hem ýarymgoragçylar Welmyrat Ballakow we Begenç Akmämmedow milli ýygynda çagyryldy. Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky jogap duşuşygy26-njy martda paýtagtdaky «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Duşuşyk 20:00-da başlar. Duşuşyk üçin petekleri her gün irden sagat 9-dan agşam 9-a çenli stadionyň kassasynda satyn almak mümkindir.

10. Futbol boýunça Eýranyň milli ýygyndysy Türkmenistanyň toparyna garşy duşuşyk üçin Aşgabat şäherine geldi. Eýranyň milli ýygyndysynyň ýyldyz futbolçylary – Italiýanyň «Roma» toparynyň hüjümçisi Serdar Azmun we «Portunyň» hüjümçisi Mehdi Taremi topar bilen Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Eýranyň milli ýygyndysy saýlama ýaryşyň «E» toparçasynda birinji orny eýeleýär, topar 3 oýunda 7 utuk toplady. 3 oýunda 1 utuk toplan Türkmenistanyň topary dördünji orunda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň