Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen telefonda söhbetdeş boldy

21:5823.03.2024
0
17059

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygyna Moskwanyň eteginde düýn agşam bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan tüýs ýürekden gynanjyny beýan edip, wepat bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk hem-de medet beriji sözlerini, şeýle hem bu elhenç terrorçylyk zerarly ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

– Biz öňden gelýän dostlardyrys hem-de köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň dost-doganlygyny berkitmek ugrunda bilelikde işleýäris. Şonuň üçin hem şeýle agyr günlerde Türkmenistanyň doganlyk goldawyna doly bil baglap bilersiňiz – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen tarapynyň lukmançylyk kömegini bermäge, derman we sargy serişdelerini, beýleki zerur zatlary ibermäge taýýardygy beýan edildi. Ejir çeken çagalara hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýarlyk aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, dostluk nyşany hökmünde olary Türkmenistanda kabul edip bolar. Şunda olaryň Türkmenistanyň iň häzirki zaman lukmançylyk we sagaldyş merkezlerinde beden we ruhy taýdan sagalmaklary üçin ähli şertler dörediler. Bu ynsanperwerlik işinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ähli mümkinçilikleri peýdalanylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Russiýanyň Türkmenistan üçin hemişe goňşy, dostlukly ýurt, strategik hyzmatdaş bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň