«Ýönekeý» Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine girmäge kömek eder

21:0023.03.2024
0
35854

«Ýönekeý» hususy kärhanasy Hytaýda ýokary bilim almak isleýän Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň iň gowy uniwersitetlerine girmekde kömeklerini hödürleýär.

«Ýönekeý» HK-nyň toplumlaýyn hyzmatlary şulary öz içine alýar:

- uniwersiteti we okuw maksatnamasyny saýlamak;
- giriş üçin zerur resminamalary taýýarlamaga kömek etmek;
- howa menzilinde garşy almak we barmaly nokadyna alyp gitmek;
- okuw jaýyna ýakyn ýerde ýerleşýän (100-150 metr) umumy ýaşaýyş jaýynda ýerleşdirmek;
- maslahat beriş goldawy.

«Ýönekeý» HK ýurduň Şanhaý, Pekin, Hançžou, Kunmin we Guansi ýaly dürli sebitlerinde ýerleşýän abraýly uniwersitetlerde okuw maksatnamalarynyň giň toplumyny hödürleýär. Ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary Türkmenistanda ykrar edilýän diplomlary alarlar.

Mundan başga-da, talyplar okuwa girenlerinden soň, özlerine laýyk gelmedik ýagdaýynda, okuw ugruny üýtgetmäge mümkinçilik alarlar. Şol bir wagtyň özünde, giriş üçin başlangyç synagdan geçmeli däl, şeýle hem hytaý we iňlis dillerini bilmek hökman däl.

Talyplara amatlylyk üçin Türkmenistanda ýaşaýan maşgalasy tarapyndan VISA kartyny her aý dolduryp durmak mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr.

Ýerler çäklidir.

Has giňişleýin maglumat üçin: web-saýt okamak.yonekey.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň