Turkmenportal logo
23.03.24
1145511455
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäde iň bagtly ýurt belli boldy

Finlýandiýa eýýäm ýedinji gezek dünýäde iň bagtly ýurt diýlip yglan edildi. Bu ugurdaky ilkinji üç ýurt, geçen ýyldaky ýaly, Finlýandiýa, Daniýa, Islandiýa boldy. Bu barada «Bagt barada bütindünýä nutugyna» salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.


Iň bagtly ýurtlaryň ilkinji onlugyna şeýle-de Şwesiýa, Ysraýyl, Niderlandlar, Norwegiýa, Lýuksemburg, Şweýsariýa we Awstraliýa girdi.