Turkmenportal logo
22.03.24
1365713657
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidentine Tatarystanyň ilkinji Prezidentinden gutlag haty geldi
Türkmenistanyň Prezidentine Tatarystanyň ilkinji Prezidentinden gutlag haty geldi

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mintimer Şaýmiýewden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Nowruz baýramy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda Mintimer Şaýmiýew şeýle belleýär:


Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!


Türki halklaryň gadymy Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!


Bu baýram tebigatyň janlanmagyny, adamyň daşyny gurşap alýan dünýä bilen sazlaşygyny, täzelenişi, döredijilikli güýji we şatlygy alamatlandyrýar. Bu ajaýyp bahar baýramynda Size berk jan saglyk, üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin.