Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Şir Ýag» zawody Türkmenistanda çalgy ýaglarynyň önümçiligini işjeň ýola goýýar

14:4020.03.2024
0
22691

Türkmenistanda çalgy ýaglarynyň önümçiliginiň işjeň ösýändigini görmek bolýar. Lebap welaýatynda ýerleşýän «Şir Ýag» hususy kärhanasy hem bu ugurda öňdebaryjylaryň biridir.

«Şir Ýag» HK 2020-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýanyň täze açylandygyna garamazdan, ol öz barlaghanalaryny döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak we tejribeli hünärmenleriň goldawy arkaly eýýäm gözleg hem-de işläp taýýarlamak işlerini tamamlady. Bu bolsa «Şir Ýag» HK-na öz haryt nyşany astynda bellige alnan dürli görnüşli çalgy ýaglaryny şeýle zerurlygy bar bolan pudaklaryň ählisine hödürlemäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem «Şir Ýag» sargyt esasynda çalgy ýaglarynyň önümçiligini hödürleýär.

Türkmen öndürijisiniň hödürleýän harytlarynyň hatarynda 25 görnüşli önüm, şol sanda çalgy ýaglary bar:

- ýolagçy we ýeňil ulag serişdeleriniň hereketlendirijileri üçin;
- uly göwrümli ýük göteriji täjirçilik ulaglary üçin;
- dişli geçiriji we transmissiýa üçin;
- oba hojalyk ulaglary üçin;
- gidrawlik ulgam üçin;
- senagat maksatly çalgy ýaglary.

«Şir Ýag» zawody 25000 inedördül metr meýdany eýeleýär, önümçilik kuwwaty bolsa günde 80 tonna we ýylda 20000 tonna deňdir.

«Şir Ýag» HK-nyň wekiliniň bellemegine görä, kärhananyň esasy maksady ýokary hilli önüm öndürmek arkaly ýurduň içerki bazarynyň daşyndan getirilýän çalgy ýaglaryna garaşlylygyny azaltmakdyr.

«Şir Ýag» tarapyndan öndürilýän çalgy baglarynyň hemmesi kompaniýanyň barlaghanasynda üns bilen synagdan geçirilýär. Önümleriň Türkmenistanyň döwlet standartlaryna (TDS), şeýle hem ASTM we DIN halkara standartlaryna laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär.

«Şir Ýag» çalgy ýaglarynyň görnüşleri häzirki wagtda ýurduň ähli ýöriteleşdirilen dükanlarynda elýeterlidir.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Aşgabat, Täçmmäet Suhangulyýew köç., 43;
  • telefon (+993 61) 41 32 72;
  • web-saýt: siryag.com.

Şeýle-de okaň:

Wideo: Şir ýag: Siziň awtoulagyňyzyň hereketlendirijisiniň dogry işlemeginiň kepili

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň